«Gucci» gan basyşa we ukynyň hiline gözegçilik edýän «akylly» ýüzügini döretdi

16:1727.05.2022
0
5062
«Gucci» gan basyşa we ukynyň hiline gözegçilik edýän «akylly» ýüzügini döretdi
Surat: ca.style.yahoo.com

Italiýanyň «Gucci» modalar öýi finleriň Ōura Health kompaniýasy bilen bilelikde fitnes sagatlaryň wezipelerini özünde jemleýän «akylly» ýüzügini döretdi. Ýüzügiň içki ýüzünde birnäçe sany datçik bolup, olar organizmiň aýratynlyklaryna gözegçilik edýär. Has takygy, olar arkaly gan basyşyňy, bedeniň temperaturasyny, dem alşyň ýygylygyny, işjeňligiň derejesini, ukynyň hilini we beýleki zatlary yzarlap, olara gözegçilik edip bolýar.

Ýüzükdäki maglumatlar smartfonda ýörite düzülen ykjam goşunda düşýär. Ol ýerdäki maglumatlardan bolsa,ulanyjy özüne gerek bolan, bedenine zerur bolan maşklary ýörite programma esasynda öwrenip ýa-da özleşdirip biler. Şeýle-de maslahat berilýän audiookuwlardan we beýleki zatlardan peýdalanyp bolýar.

«Akylly» ýüzügiň esasynda titan metalyndan döredilen, gara örtükli Oura 3 ýüzügi bolmak bilen, onuň daş ýüzüne «Gucci» haryt nyşany, şeýle-de 18 karatlyk sary altyn örtülendir. Onuň zarýad berilmesi bolsa toplum bilen gelýän dok-stansiýa esasynda amala aşyrylýar.

Ýüzügiň doly zarýadlandyrylmagy 4-7 güne çenli gidýär. Daily.afisha saýtynyň habar bermegine görä, lýuks «akylly» ýüzügiň bahasy 950 ABŞ dollaryna barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň