Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguzda täze köpugurly hassahananyň açylyşy boldy

22:3827.05.2022
0
7315
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguzda täze köpugurly hassahananyň açylyşy boldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 450 orunlyk köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, irden döwlet Baştutany Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Bu ýerde aýdym-saz we tans toparlary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezident täze lukmançylyk desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde söz sözläp, hassahananyň aýratynlyklary we ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin döredilen şertler barada durup geçdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze köpugurly hassahana 7 bölekden, 4 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», anesteziologiýa we reanimasiýa, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr.

Ýokary derejeli, köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen saglygy goraýyş desgasynda merkezi kabul ediş, maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, rewmokardiologiýa, torakal, endowaskulýar hirurgiýa, infarkt, umumy kardiologiýa, nefrologiýa, toksikologiýa we gemodializ, umumy hirurgiýa, umumy newrologiýa, iriňli hirurgiýa we ýanyk keselli näsaglar, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa, otorinolaringologiýa keselleri, urologiýa, anesteziologiýa we intensiw bejeriş, arterial gipertoniýa, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle-beýni gan aýlanyş, endokrinologiýa, endokrin hirurgiýa ýaly bölümleriň 32-si hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň