Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady

06:0026.05.2022
0
6786
Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady
Surat: tdh.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti, «Russiýa-Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň başlygy Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, R.Minnihanow öz hatynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk özara düşünişmegi hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alamatlandyrýan bu şanly wakanyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy iki ýurduň halky üçin hem, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak üçin hem strategik ähmiýete eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli ýörelgelerini has-da artdyrmagyň bähbidine geljekde hem işjeň döredijilik ylhamyna ruhlandyrmagy baradaky arzuwlaryny beýan edýär.

– Size tüýs ýürekden buýsanýaryn hem-de ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler, berk jan saglyk we bagt arzuw edýärin – diýip, R.Minnihanow belleýär.

Tatar Lideri öz hatynda russiýa-türkmen hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk halklaryň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine umyt bildirýändigini nygtaýar.

«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglandy. Kararda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçin, bu orden bilen sylaglandy.

Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 19-njy maýynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Tatarystan Respublikasynda saparda boldy. Saparynyň çäklerinde tatar Lideri Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystan Respublikasynyň döwlet baýragy – «Tatarystan Respublikasynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň