Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy Özbegistanyň Superligasynda birinji orna çykdy

17:4225.05.2022
0
862

«Sogdiana» futbol topary Özbegistanyň Superligasynyň 10-njy tapgyrynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Topar «Kukon-1912»-niň derwezesinden jogapsyz üç pökgi geçirdi.

Duşuşykda «Sogdiananyň» gollaryny 53-nji minutda Şohruz Norhonow, 61-nji minutda Hislat Halilow, 83-nji minutda bolsa Doniýor Abdumannopow öz adyna ýazdyrdy.

10 tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem geçiren «Sogdiana» 6 ýeňiş, 2 deňlik bilen 20 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Toparyň AFK-nyň kubogy ― 2022-de Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň