Milli aýakgap önümçiliginde tebigy deriden ýokary hilli aýakgaplary öndürýän öňdebaryjy «Röwşen» hususy kärhanasy aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda başlajak ählisi utuşly bolan lotereýa gatnaşmaga çagyrýar. Bu aksiýa 25-nji iýuna çenli dowam eder.
Aksiýada utuş gazanmak üçin müşderiler «Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplardan 600 manatlyk we ondan köp mukdarda söwda etmelidir. Müşderi aksiýanyň başlan gününde degişli mukdarda aýakgap satyn alan mahaly oňa lotereýa petegi berilýär we şol ýerde-de bijesinden çykan baýrak gowşurylýar.
Utuş peteginiň her birinde baýrak bardyr. Bu baýraklaryň hatarynda sowadyjy, mikrotolkunly peç, tozan sorujy, ütük, blender we beýleki hojalyk tehnikalary, şol sanda smartfonlar, «akylly» sagatlar, simsiz nauşnikler, şeýle-de «Röwşen» haryt nyşany ýazgyly köýnekçeler we başga-da köp sanly baýraklar bar. Aksiýada jemi 1000-den gowrak baýraklar goýlar.
Aksiýa «Röwşen» hususy kärhanasynyň şu degişli salgydaky ýörite dükanynda geçirilýär: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy).
Şeýle-de okaň: