«Röwşen aýakgap» halkara wirtual sergä gatnaşýar

16:5128.01.2022
0
8925

Türkmenistanda sap deriden iň iri aýakgap öndürijileriň biri bolan «Röwşen» hususy kärhanasy şu ýylyň 17-nji martynda açylan «Merkezi Aziýa ― Wirtual EXPO (CAVEX)» atly ikinji wirtual sergä gatnaşýar.

Sergi Ýaponiýanyň Russiýadaky we täze Garaşsyz döwletlerdäki Söwda assosiasiýasy hem-de Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi tarapyndan geçirilýär.

Halkara wirtual serginiň çäginde 14-nji we 18-nji fewral Türkmenistanyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanar. Şol günlerde türkmen-ýapon işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

«Röwşen aýakgap» halkara wirtual sergisine ýörite bölümde gatnaşýar. Bölümde kärhananyň öndüren köpgörnüşli aýakgapary görkezilýär.

Halkara sergi öz işini 4-nji martda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň