Soňky habarlar

Arhiw

“Olimpionik” multfilmi rus prokatyna çykýar

15:5019.05.2022
0
576

Meşhur ermeni multiplikatorlary— doganlar Saakýanslaryň döreden “Olimpionik” («Олимпионик») atly doly göwrümli animasion filmi rus prokatyna çykýar. Bu film Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan hökümdar baradadyr. Multfilmiň ilkinji görkezilişi şu gün — 19-njy maýda “Patyşanyň başdan geçirmeleri” («Приключения царя») diýen at bilen RF-niň kinoteatrlaryna görkeziler diýip, MIR24 ýazýar.

Komediýa görnüşindäki animasion film durmuşda bolan wakalara esaslanýar. Ol Arşakidler şaneslinden bolan Warazdat atly ermeni hökümdarynyň boksdaky üstünlikleri baradadyr. Ol 394-nji ýylda boks boýunça çempion bolup,

Olimpikosyň hormatly derejesine mynasyp bolupdyr. Olimpiýa şäherinde Warazdatyň heýkeli hem bar, şeýle-de ol barada ýerleşdirilen hormat tagtajyklarynda ermeni patyşasynyň sport bäsleşiklerinde ýeňiş gazanandygy gürrüň berilýär diýip, “Olimpionigiň” režissýory Dawid Saakýans gürrüň berýär.

Bu ilkinji gezek giň rus prokatyna çykýan doly göwrümli ermeni multfilmidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň