Aşgabat bilen Türkmenbaşynyň arasynda awtobus gatnawy açylýar

15:5119.05.2022
0
41892

20-nji maýyndan başlap Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar dikeldilýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, awtobuslar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, çarşenbe,anna we ýekşenbe günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlary amala aşyrarlar.

Habarda bellenilşi ýaly, ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň