Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportal» Russiýada AppStore-dan iň köp ýüklenilýän habarlar goşundylarynyň sanawynda ýüzlüge girdi

01:1618.05.2022
46
14702

«Turkmenportal» habarlar portalynyň ykjam goşundysy Russiýada iOS operasion ulgamy üçin AppStore-dan iň köp ýüklenip alynýan tölegsiz habarlar goşundylarynyň sanawynda ýüzlüge girdi.

«Turkmenportal» bu günki günde degişli sanawda Russiýanyň «БИЗНЕС Online» elektron gazeti bilen Gazagystanyň «Tengrinews» habarlar portalynyň aralygynda — 78-nji orny eýeleýär. Sanawda ilkinji orunda bolsa «Twitter» saýty durýar.

Habarlar portaly 2021-nji ýylyň ýylyň ýanwar aýynda ykjam goşundysyny işe girizdi. Onda Türkmenistanda we dünýä ýurtlarynda bolup geçýän syýasy-ykdysady, medeni, sport we beýleki täzelikler tiz hem-de ygtybarly ýetirilýär.

Ykjam goşundy türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde elýeterlidir.

«Turkmenportal» ykjam goşundysynyň Russiýa üçin AppStore internet dükanyndaky ortaça bahalandyrmasy 4,3 ýyldyza deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň