Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň aradan çykan Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşýar

21:5214.05.2022
0
12935

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky topar BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly goşandynyň bolandygyny bellemeli. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň dostlukly ýurduň görnükli döwlet Baştutanynyň hatyrasyna guralýan ýas çärelerine gatnaşmaklary, oňa bildirilýän hormatyň nobatdaky beýany bolup durýar.

«Türkmenportalda» habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna görnükli döwlet işgäri, Prezident Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýolladylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda aradan çykdy. BAE-niň Prezident işleri boýunça ministri ýurtda 40 günlük ýas yglan etdi. Şoňa laýyklykda, ýurduň ähli ministrliklerinde, pudak edaralarynda, şeýle-de federal, ýerli we hususy guramalarda işler üç günlük togtadylar.

2004-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýanyň BAE-niň Prezidenti we Abu-Dabiniň dolandyryjysy wezipesine saýlanypdy. Ol Şeýh Zaýediň uly ogludyr.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň