Soňky habarlar

Arhiw

Walentina Matwiýenko Türkmenistanda üç gün saparda bolar

16:0011.05.2022
0
5939
Walentina Matwiýenko Türkmenistanda üç gün saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko 11-13-nji maý aralygynda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Walentina Matwiýenkonyň Aşgabat şäherine saparynyň esasy maksady Russiýa Federasiýasy – Merkezi Aziýa Parlamentara forumyna hem-de Zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak. Bu halkara forumyň çäginde zenanlaryň dialogynyň plenar mejlisinde zenanlaryň telekeçilik işlerindäki orny, maglumat tehnologiýasynyň we sanlylaşdyrmagyň ösüşi babatdaky meseleler boýunça pikir alşylar.

Türkmenistanda saparda bolýan Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň düzüminde Federal Geňeşiň başlygynyň orunbasarlary Galina Karelowa we Konstantin Kosaçew, Federal Geňeşiň halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygy Grigoris Karasin, Federal Geňeşiň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Liliýa Gumerowa, Federal ýygnagyň durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygy Inna Swýatenko we Federal Geňeşiň halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Jabarow bar.

Walentina Matwiýenko saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyk geçirer.

Belläp geçsek, Walentina Matwiýenko soňky gezek 2017-nji ýylda Türkmenistanda saparda boldy. Ol şol saparynyň dowamynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdy. Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ol Aşgabadyň hormatly raýaty boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň