Soňky habarlar

Arhiw

Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy

17:1511.05.2022
0
8630
Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy
Surat; Türkmen Sport

Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilen güni ýurdumyza agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyndan hem hoş habar gelip gowuşdy. Milli ýygyndymyzyň wekili ― 109 kilogramdan ýokary agram derejesindäki agyr atletikaçylaryň arasynda ýaryşan 22 ýaşly türgen Atajan Daýyýew dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy.

Has takygy, geljegine uly ynam bildirilýän ildeşimiz ştangany itekläp galdyrmak boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Ol 208 kilogram agyrlygy galdyryp, bu üstünligi gazandy. Atajan ilkinji synanyşygynda 202 kilogram agyrlygy buýurdy we ony üstünlikli göterdi. Ol ikinji synanyşykda 208 kilogram agyrlygy hem kynçylyksyz başynyň üstüne göterdi. Üçünji gezekde 213 kilogram agyrlygy buýran ildeşimize bu gezek şowlulyk ýetmedi. Eger Atajan üçünji synanyşygyny hem üstünlikli tamamlan bolsa, umumy netijede hem baýrakly orunlaryň birini eýeläp bilerdi.

Ildeşimiz ştangany silterläp götermekde 162 kilogramlyk sepgide ýetip bildi. Bu netije onuň dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň ilkinji dörtlügine girmegi üçin ýeterlik boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça hem 370 kilogram sepgide ýetip, dördünji orny eýeledi.

Eýranly türgen Alireza Ýusufyň 416 kilogramlyk netije bilen altyn medal gazanan ýaryşynda kümüş medala 388 kilogramlyk sepgit bilen özbegistanly Mirkhosil Mirzabaýew mynasyp boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça biziň ildeşimizden 4 kilogram öňe saýlanan ukrainaly türgen Bogdan Taranenko ýaryşy hormat münberiniň üçünji basgançagynda tamamlady.

10-njy maýda tamamlanan dünýä çempionaty Gresiýada geçirildi. Oňa biziň ýurdumyzdan sekiz türgen wekilçilik etdi. Beýleki türgenlerimizden öz agram derejelerinde Gaýgysyz Töräýew ilkinji altylyga, Bektimur Reýimow ilkinji dokuzlyga, Medine Amanowa ilkinji onluga girmegi başardylar. Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda görkezilen bu guwandyryjy netijeler ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalymyzy gazanan agyr atletikaçylarymyzyň bu üstünlikleri geljekde hem dowam etdirjekdigini buşlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň