Aşgabat, 15.03.2015. “Türkmenportal”.
Şu gün Daşoguzdaky we Baýramaly etrabyndaky duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda ikinji tapgyr başlandy.
Demirgazyk welaýatyň merkezinde “Daşoguz” “Merwi” kabul etdi. Çempionata garşydaşlaryň ikisi-de öz meýdanyndaky oýun bilen, ýöne dürlüçe başladylar. Marylylar soňky minutlarda “Aşgabatdan” üstün çyksalar, daşoguzlylar Türkmenbaşynyň “Şagadamyndan” asgyn geldiler (0:4).
Şonuň üçinem, Ilgiz Abdyrahmanowyň şägirtleri öz meýdanlaryndaky ikinji duşuşygynda her edip-hesip edip, janköýerlerini begendirmäge çalyşdylar. Ýer eýelerine birinji ýarymda Murgabyň boýundaky şäherden gelen futbolçylaryň hüjümlerinden goranmak başartdy.
Arakesmeden soň emin Ruslan Ereşow jübüsinden gyzyl petekleri çykarmaly boldy. 57-nji minutda ikinji sary petek alany üçin daşoguzly Yhlas Nepesow, 68-nji minutda bolsa hut şeýle ýagdaýda maryly Ilýa Tamurkin oýundan çykaryldy.
Göräýmäge duşuşykda deňlik hasaba alnaýjak ýalydy. Ýöne beýle bolmady. 83-nji minutda Begenç Allamow dürs urgyny ýerine ýetirip, “Merwe” ýeňiş getirdi.
“Şagadam” hem bassyr ikinji ýeňşini gazandy. Bu tapgyrda türkmenbaşylylar Baýramalyda Marynyň “Energetiginden” üstün çykdylar — 2:3. Duşuşygyň 70-nji minutynda emin “Energetigiň” derwezesine 11 metrlik urgy belledi. Ýöne oýunda iki gezek tapawutlanan Hemra Amanmämmedow derwezeçi Farhad Bazarowdan rüstem gelip bilmedi. Munuň özi şu çempionatyň geçirilmedik ilkinji 11 metrlik urgusydyr.
“Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasynda şu gün bolmaly duşuşyk 2-nji maýa süýşürildi.
Şeýlelikde, häzirlikçe hersi 6 utuk toplan “Şagadam” bilen “Merw” öňe saýlandy. HTTU olaryň yzyndan ýetip bilermi? Bu 16-njy martda olaryň “Aşgabada” garşy geçirjek duşuşygyndan soň belli bolar. Şol gün “Hazyna” öz meýdanynda “Balkany” kabul eder.