Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak nesil» okuw merkezi 6-8 ýaşly çagalar üçin ilkinji tölegsiz sapaklary geçirýär

11:2411.05.2022
0
11018

Golaýda Aşgabatda açylan «Ak nesil» okuw merkezi 6-8 ýaşly çagalary we olaryň ene-atalaryny iňlis dili dersleri boýunça geçirilýän ilkinji okuw sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Dowamlylygy bir sagat bolan bu ilkinji geçirilýän sapaklar 14-nji maýda sagat 12:00-da we 14:00-da tölegsiz esasda guralar. Sapaklaryň mowzugy «Haýwanat dünýäsi» diýlip atlandyrylýar.

Sapaklar dört synp otagynda bolup, olaryň hersinde ondan gowrak okuwçy gatnaşar. Okuw işiniň kiçeňräk toparda alnyp barylmagy çagalaryň temany toparlaýyn öwrenmegine hem-de mugallymyň her bir çaga bilen aýratynlykda işlemegine ýardam edýär.

Bu sapaklara ene-atalaryň özüniň gatnaşmagy hem çagalarynyň iňlis dilini öwrenmeginde mugallymyň işiniň täsirliligini bahalandyrmak üçin peýdalydyr. Sapaklar tamamlandan soň, ene-atalar mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutup bilerler.

Täze döredilen «Ak nesil» okuw merkezi Finlandiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň. Angliýanyň hem-de ABŞ-nyň dil öwretmekde ulanýan döwrebap usullaryndan peýdalanýarlar.

Bu babatda «Ak nesil» okuw merkeziniň pedagog hünärmeni şeýle belleýär:

«Biziň okuw merkezimiziň işiniň baş maksady çagalary dürli ýagdaýlarda we islendik ýerlerde iňlis dilinden peýdalanyp biler ýaly derejede okatmakdyr. Ýokary taýýarlygy bolan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda çagalar iňlis dilini özüniň «ikinji ene dili» ýaly özleşdirip bilerler».

Ilkinji gezek geçirilýän bu okuw sapaklaryna gatnaşmaga isleg bildirýänler +99361 11 95 51, 95 50 28 telefon belgiler arkaly habarlaşyp ýa-da degişli sosial media sahypasyndan sapaklara ýazylyp bilerler.

«Ak nesil» okuw merkeziniň salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan we Oguzhan köçeleriniň çatrygy, (ozalky Podwoýskiý we Aýtakow köçeleri), «Belent» binasy. Binanyň sag tarapyndan girmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň