Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futbolçy AFK-nyň Kubogy-2011-iň eýesine ýeňiş getirdi

11:3715.03.2015
0
4774

Aşgabat, 15.03.2015. “Türkmenportal”.

30 ýaşly türkmenistanly futbolçy Artur Geworkýan Garşy şäheriniň “Nasafynyň” düzüminde Özbegistanyň 2015-nji ýyldaky çempionatynda ilkinji pökgülerini geçirdi. “Andižana” garşy duşuşykda ildeşlerimiziň derwezä gönükdiren iki pökgüsi (21-nji we 45-nji minutlar) we gola getiren bir ýardamy (54-nji minut) netijesinde ýer eýeleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Myhmanlar bir jogap pökgüsini 67-nji minutda geçirdiler.

Artur Geworkýan — Aşgabadyň “Nisa” futbol mekdebiniň uçurymy. Onuň ilkinji tälimçisi Boris Grigorýansdyr. Artur dürli ýyllarda “Şagadam” (Türkmenbaşy), “Ýesil-Bogatyr” (Petropawlowsk, Gazagystan), “Aşgabat”, “Şurtan” (Güzar, Özbegistan), “Pahtakor” (Daşkent Özbegistan) toparlarynda çykyş etdi.

Özbekleriň “Nasafyna” 2011-nji ýylda geçdi. Şol ýylyň özünde hem bu toparyň düzüminde Özbegistanyň wise-çempiony we Kubogynyň finalçysy, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň we “AFK-nyň Kubogynyň iň gymmatly oýunçysy” diýen ýörite baýragyň eýesi boldy. 2012-nji ýylda Artur “Nasaf” bilen ikinji gezek Özbegistanyň Kubogynyň finalyna çykdy. 2013-nji ýylda bu bäsleşigiň üçünji sapar finalynda oýnady, Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyny eýeledi, iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň arasynda 18 pökgi bilen ikinji netije görkezdi, ýurduň çempionatynyň iň gowy daşary ýurt futbolçysy we gymmatly oýunçysy diýlip yglan edildi. 2014-nji ýylda A. Geworkýan ikinji gezek Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyny eýeledi, 18 pökgi bilen iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy.

Artur Geworkýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde 8 duşuşyga gatnaşyp, iki pökgi geçirdi. Pökgüleriniň ikisini-de 2007-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Kaubojanyň ýygyndysynyň derwezesine girizdi. Bu duşuşyk 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde bolupdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýene iki oýunçysynyň: Arslanmyrat Amanow bilen Aleksandr Boliýanyň Özbegistanyň çempionatynda çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Arslanmyrat “Almalygyň” düzüminde Daşkendiň “Pahtakoryna” garşy doly oýnady, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. A. Boliýanyň bosa Samarkandyň “Dinamosyna” geçendigi belli boldy. Ol bu toparda 11-nji belgide çykyş eder. Birinji tapgyrda “Dinamo” öz meýdanynda “Kokand-1912” toparyndan ýeňildi — 0:1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň