Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da 13 ýaşly çaga uniwersitetiň uçurymy boldy

18:3405.05.2022
0
7068
ABŞ-da 13 ýaşly çaga uniwersitetiň uçurymy boldy
Surat: livescience.com

Amerikanyň Minnesota ştatynyň Sent-Luis-Park şäheriniň 13 ýaşly ýaşaýjysy uniwersiteti tamamlamak bilen, ýokary okuw jaýynda professor bolup işe başlamagy meýilleşdirýär.

Lenta.ru saýtynyň habar bermegine görä, Elliott Tenner maýda Minnesota uniwersitetindäki okuwyny tamamlaýar. Oglanjyk fizika boýunça esasy okuwyny hem-de matematika boýunça fakultatiw okuwyny geçip, bakalawr derejesine eýe boldy. Häzirlikçe bolsa wunderkind fizika ugry boýunça doktorlyk derejesini almagy, soňlugy bilen hem Minnesota Uniwersitetiniň professory bolmagy maksat edinýär.

Ýaş zehinli çaganyň ejesiniň aýtmagyna görä, oglanjyk iki-üç ýaşlarynda okamagy öwrenipdir, dokuz ýaşlarynda bolsa kollejiň okuw gollanmalaryny okap öwrenipdir, iki ýyldan soňra-da ol Normandeýl jemgyýetçilik kollejini tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň