«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçiriler

18:5628.04.2022
0
5191

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçiriler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, olimpiadany institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 20-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär.

Olimpiada institutda okaýan talyplar alýan hünärine we okuw ýylyna garamazdan çagyrylýar. Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 3-den köp bolmadyk talyplar gatnaşyp bilerler.

Gatnaşyjylara “Materiallaryň garşylygy” temadan, matematikadan we tebigy ylymlardan soraglar beriler. Talyplar 120 minudyň dowamynda 6 meseläni çözmeli. Olimpiadada beriljek meseleler onuň geçirilýän güni institutyň web-saýtynda ýörite bölümde ýerleşdiriler.

Halkara açyk internet olimpiadasyna gatnaşmak isleýän talyplar şu ýylyň 10-njy maýyna çenli institutyň web saýtynyň üsti bilen hasaba alnar.

Çeşmäniň habar bermegine görä «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahatlary hem geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň