Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Aziýanyň kubogyna gatnaşjak 16 ýygyndynyň 13-si belli boldy

23:5113.04.2022
0
5306

12-nji aprelde futzal boýunça Aziýanyň kubogynyň Merkezi we Günorta sebiti boýunça saýlama ýaryşlary tamamlandy. Olaryň netijesinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Eýranyň ýygyndylary yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle hem Liwanyň, Bahreýniň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň, Omanyň we Wýetnamyň ýygyndylary saýlama ýaryşdan üstünlikli geçip, yklym çempionaty üçin ýollanma aldylar. Kuweýtiň ýygyndysy bolsa ýaryşa ýer eýesi hökmünde saýlama duşuşyklaryň netijesinden garaşsyz gatnaşar.

Şeýlelikde, Aziýanyň kubogy ― 2022-niň 13 wekili belli bolar. Galan üç ýygyndy Gündogar sebitden geler.

16 ýygyndynyň arasynda geçiriljek yklym ýaryşy 25-nji sentýabrdan 20-nji oktýabra çenli aralykda Kuweýtde meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň