Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Setanta Sports» teleýaýlymy Ýagşymyradow bilen Karwalýonyň tutluşygyny göni ýaýlymda görkezer

16:2513.04.2022
0
17400

16-njy aprelde agşam ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP center» arenasynda garyşyk söweş sungatynyň Bellator 277 ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşyň çäginde türkmen MMA türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen braziliýaly Rafaýel Karwalýonyň arasynda hem tutluşyk bolar.

Bellator 277 ýaryşy «Setanta Sports» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler. Teleýaýlym «Älem TV» sputnik telewideniýesinde hem elýeterlidir.

Şonuň ýaly-da, Bellator 277 ýaryş gününiň deslapky tutluşyklarynyň hatarynda boljak Ýagşymyradow bilen Karwalýonyň arasyndaky tutluşyk Bellatoryň YouTube platformasyndaky resmi kanaly arkaly hem tomaşaçylara hödürlener. Deslapky tutluşyklar 16-njy aprelde Aşgabat wagty bilen 04:00-da başlanar. Ýaryş gününiň esasy tutluşygy bolsa sagat 07:25-e meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň