Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Puşkin teatry Nury Halmämmedowa bagyşlanan spektakl taýýarlaýar

09:1407.04.2022
0
7837

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan «Köňül tarlary» atly spektakl taýýarlanylýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, täze goýulýan spektaklyň ilkinji görkezilişi ýakyn wagtda geçiriljek milli derejedäki teatr festiwalynda görkeziler.

Spektaklda Nury Halmämmedowyň çagalyk, ýetginjeklik döwri görkeziler. Çary Nurymowyň, Aman Agajykowyň, şahyr dosty Gurbannazar Ezizowyň aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň keşplerini döreden aktýorlaryň çykyşlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreder.

Täze spektaklyň awtorlary Söhbet Serbazow we Mämmetgurban Mämmetgurbanow. Oýny goýujy režissýor Bilbil Mämmedow kompozitor Nury Halmämmedowy ýakyndan tanaýar. Olary şahsy gatnaşyklar birleşdirýär. Moskwada okan talyplyk ýyllary goňşy ýaşap, ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar.

Spektaklda Nury Halmämmedowyň keşbinde Magtymguly Gurbanow çykyş edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň