BAE-niň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ikinji duşuşygynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi

23:4504.04.2022
0
6093

Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynda geçirilen duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy Taýwany uly hasap ― 10:2 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, iki duşuşykda 6 utuk ýygnan BAE-niň ýygyndysy, häzirlikçe, «A» toparçanyň başyny çekýär. Ikinji orundaky Türkiýäniň ýygyndysynda 3 utuk bar. Toparçanyň beýleki wekillerinde ― Lýuksemburgyň, Türkmenistanyň we Taýwanyň ýygyndylarynda heniz utuk ýok. BAE-niň ýygyndysy ýaryşda indiki duşuşygyny 6-njy aprelde türk hokkeýçileri bilen geçirer.

Ýaryşyň başyny çekýän ýygyndynyň ilkinji duşuşygynda türkmen hokkeýçilerini 10:4 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Lýuksemburgda 3-nji aprelde başlanan ýaryş 8-nji aprelde tamamlanar. Toparçada diňe birinji orny eýelän ýygyndy geljek ýyl ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň