Rus dili ylmy we durmuş aragatnaşygynyň hyzmaty babatda dünýäniň iň öňdebaryjy dilleriniň bäşligine girdi diýip, ýurduň Puşkin adyndaky institutynyň “Rus diliniň dünýädäki ýagdaýynyň indeksi” diýen barlaglaryň netijesine esaslanyp, TASS habar berdi.
Geçen 2021-nji ýyl boýunça düzülen reýtingde rus dilinden iňlis, ispan, hytaý we fransuz dilleri öňe çykdy, rus dili nemes, ýapon we hindi dillerinden saýlandy.
Sanaw düzülende, bu dilde gürleýän adamlaryň we internetden peýdalanýanlaryň, şol dildäki internet-resurslaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sany hem-de diliň halkara guramalaryndaky statusy ýaly ýagdaýlar seljerildi.
Netijede, rus dili bu ölçegler babatda aralyk ýagdaýy eýeledi, emma internet-resurslary babatda eýýäm birnäçe ýyl bäri ikinji orny eýeläp gelýär.
Şol bir wagtda argentinalylaryň arasynda rus diline gyzyklanmanyň artýandygy habar berilýär.
Bu barada MIR24 ýazýar.