Arhiw

UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynda çärýek finala çykan toparlar belli boldy

14:5118.03.2022
0
5228

UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň ähli çärýek finalçylary belli boldy. Ýaryşyň bu tapgyryna PAOK, «Slawiýa», «Roma», «Feýenoord», «Budýo-Glimit», «Marsel», PSW we «Lester Siti» toparlary çykdy.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 14-nji aprelde oýnalar.

Bijeler şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:00-da çekiler.

Ýaryşyň ýarym final duşuşyklaryny 28-nji aprelde we 5-nji maýda, finalyny bolsa Albaniýanyň Tiran şäherindäki «Nasional Arena» stadionynda 25-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň