Top.Mail.Ru

Arhiw

Nýu-Delide ýangynda ýedi adam pida boldy

11:3714.03.2022
0
1246
Nýu-Delide ýangynda ýedi adam pida boldy
Foto: trend.az

Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde garyplaryň ýaşaýan mähellesinde dörän güýçli ýangyn wagty ýedi adam gurban boldy. Häzir ýangyn öçürildi. Bu barada TASS habar berdi.

Gokulpuri diýlen garyplaryň ýaşaýan etrabynda agşam ýangyn döräp, uzak gije şäheriň ýangyna garşy göreş gullugy ony öçürmeli boldy, ahyrsoňy ir sagat 4-lere ýangyny doly ýok etmek başartdy diýlip, habarda aýdylýar.

Ýurduň NDTV teleýaýlymynyň habaryna görä, otda garyplaryň altmyşdan gowrak külbesi ýandy. Polisiýa ýangynyň sebäplerini derňeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň