Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn pökgi" üçin ses berlişige möhüm üýtgeşmeler girizildi

17:5511.03.2022
0
7039

Indi “Altyn topy” almagyň talaplary üýtgär. Bu baýrak gowşurmak düzgünleriniň janköýerlere has düşnükli, aýdyň bolmagy üçin ediler.

Ilki bilen, indi oýunçylaryň netijeleri senenama ýyly üçin däl-de, möwsüm üçin göz öňünde tutular. Şonuň üçin indiki “Ballon d'or” 2021/22 futbol möwsüminiň ahyrynda gowşurylar. 2022-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek dünýä çempionatynyň netijeleri hem, 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy saýlananda göz öňünde tutular.

Ikinjiden, baýrak üçin diňe FIFA-nyň iň gowy 100 sanawyna giren ýurtlaryň wekilleri ses berip biler. Türkmenistan häzir FIFA-nyň sanawynda 134-nji orundadyr.

Üçünjiden, esasy talap oýunçynyň topar bilen gazanan kuboklary däl-de, şahsy netijesi bolar. Çempionlyk atlary, kuboklar we toparlaýyn çykyşlar ikinji möhüm tarapy bolar. Şeýle-de, oýunçynyň oýnaýşyna we adalatly oýun ýörelgelerine ygrarlylygyna serediler.

“Ballon d'or”-yň häzirki eýesi PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň