Arhiw

Genrih Mkhitarýan milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

11:0605.03.2022
0
3200

Genrih Mkhitarýan Ermenistanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlady.

33 ýaşly ýarymgoragçy bu babatda gelen soňky kararyny özüniň Instagram sahypasynda yglan etdi.

Ol bu karara geçen ýylyň noýabrynda, Germaniýa bilen oýundan soň gelipdi.

Ýarymgoragçy 2007-nji ýyldan bäri milli ýygyndyda oýnaýar. Ol milli ýygyndyda 95 oýun geçirip, 32 gol salmagy başardy. Mkhitarýan Ermenistan milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp top geçiren oýunçydyr. Ol ýygyndynyň düzüminde geçiren oýunlarynyň sany boýunça Sarkis Owsepýandan soň, ikinji orunda durýar (133 oýun).

Klub derejesinde Genrih 2019-njy ýyldan bäri “Roma” toparynda oýnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň