Soňky habarlar

Arhiw

«Kitçi» AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer

18:1904.03.2022
0
6485

Gonkongyň «Kitçi» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde Taýlandda 5 hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada klubyň resmi web saýty habar berýär.

Ýakynda bu toparyň düzümine türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň goşulandygyny we oňa 7-lik belginiň berlendigini ýatladýarys.

«Kitçi» şu ýyl AFK Çempionlar ligasynyň «J» toparçasynda ýaryşar. Häzir bu toparçada Gonkongyň wekilinden başga-da, Hytaýyň «Şanhaý Port» we Taýlandyň «Çiangraý Ýunaýted» toparlary bar. Toparçanyň dördünji wekili bolsa, 15-nji martda geçiriljek «Wissel Kobe» (Ýaponiýa) ― «Melburn Wiktoriýa» (Awstraliýa) saýlama duşuşygyndan soň belli bolar.

«Kitçiniň» Taýladdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 10-njy martda başlar. Taýlanddaky türgenleşikleriň çäginde, toparyň 4-5 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň