Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlary wagtyndan ozal ses berlişige gatnaşyp bilerler

17:2228.02.2022
0
6738

12-nji martda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary üçin ýurduň Kazandaky Baş konsullygy öz raýatlary üçin saýlaw uçastogyny gurar. Bu barada «Halklaryň dostluk öýüniň» resmi web saýty habar berýär.

Saýlaw uçastogy Türkmenistanyň Baş konsullygynda ― Kazan şäheriniň Sibirskiý zolagynyň 6-njy jaýynda dörediler.

Bu bölüm arkaly Türkmenistanyň häzirki wagtda Tatarystan, Başgyrdystan, Mari El, Mordowiýa, Umdurt, Çuwaş Respublikalarynda, Perm ülkesinde, Kirow, Nižniý Nowgorod, Orenburg, Penza, Samara etraplarynda ýaşaýan raýatlary 12-nji mart güni ir sagat 7-den agşam 19-a çenli öz seslerini berip bilerler.

Saýlawçylar saýlaw uçastogyna baranda, olaryň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminama (raýatlyk we daşary ýurt pasporty) bolmalydyr. Her bir saýlawçy özi üçin ses berýär. Başgalaryň ses bermek hukugyndan peýdalanmak gadagandyr.

Saýlaw güni ses berip bilmeýänler 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap, ýokardaky saýlaw uçastogynda wagtyndan ozal ses bermäge gelip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň