Top.Mail.Ru

Geçen hepdede TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

23:3527.02.2022
0
5274

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 897 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük we haly önümleri Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasy bölegini düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 31 million 947 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 164 müň 275 dollaryna deň bolan portlandsementi, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 13 million 321 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň