Gresiýanyň golaýynda ýanýan ulugämide 11 adam dereksiz ýitdi

17:4918.02.2022
0
3029

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň habaryna görä, Gresiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýangyna uçran «Euroferry Olympia» ulugämisinde 11 adamyň dereksiz ýitendigi bellige alyndy.

Gresiýanyň kenar goragy gullugy «Euroferry Olympia» ulugämisinde 239 ýolagçynyň we ekipažyň 51 agzasynyň bolandygyny habar berýär. Ioniki deňzindäki adalaryň gubernatory Rodi Krasa-Sagaropulunyň aýtmagyna görä, ýolagçylaryň agramly bölegi Italiýanyň raýatlary, ekipažyň agzalary bolsa greklerdir italiýalylar eken.

Ulugämide ýangynyň döremeginiň sebäbi heniz hem nämälimligine galýar, gäminiň diňe Igumenisa grek şäheriniň portundan çykan badyna ýanyp başlandygy bellidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň