Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Ahaly” Omanyň sekiz gezek çempionyny ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy

00:5818.02.2015
0
22220

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň wise-çempiony, iki gezek Kubogyň eýesi “Ahal” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy. Öz döwrüniň belli futbolçysy, häzir bolsa “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň toparynyň baş tälimçisi Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda topar Omanyň sekiz gezek çempiony we dokuz gezek Kubogynyň eýesi Es-Sibiň “Fanjasyny” 2:3 hasabynda ýeňmek bilen, şeýle üstünlige eýe boldy.

Duşuşygyň ykbalynyň bir oýna baglydygyny nazarda tutup, türkmen futbolçylary eýýäm 7-nji minutda hasaby açdylar. Ýene-de şu ýyl “Galkan” futzal toparyndan “Ahala” geçen Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. 41-nji minutda Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynda (U-23) öz ynamly oýny bilen ýatda galan Gurban Annaýew ikinji pökgini geçirdi — 2:0.

67-nji minutda 11 minut mundan öň oýna giren Ibrahim Ndione bir jogap pökgüsini geçirdi. Ýöne aradan 8 minut geçip-geçmänkä Rahmet Şermetow hasaby 3:1-e çykardy. 83-nji minutda “Fanjanyň” düzüminde oýna giren ýene bir oýunçy — Bilal Dangur hasaby birneme ýygyrdy — 2:3. Ýer eýelerine hasaby deňlemäge duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen “Ahalyň” derwezeçisi Akmyrat Gurbanow päsgel berdi.

2004—2007-nji ýyllar aralygynda türkmen toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşypdylar.

Ine, 8 ýyldan soň bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan “Ahalyň” üstünligi netijesinde türkmen futbolynyň bu abraýly bäsleşigiň toparçalaýyn böleginde çykyş eder.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň