Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

21:1616.02.2022
0
22305

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda dalaşgäre Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli şahsyýetnamany gowşurdy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, 15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesine laýyklykda, Agrar partiýadan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde dalaşgärlige hödürlenildi. Şeýle-de 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi. Dalaşgär 15-nji fewralda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary tarapyndan bellige alyndy, şeýle hem oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň