Soňky habarlar

Arhiw

Elman Tagaýew «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky mümkinçilikleri barada pikirini beýan etdi

16:4815.02.2022
1
3727

«Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew toparyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky mümkinçilikleri barada pikirini paýlaşdy. Topary öz taryhynda ilkinji gezek yklymyň klublaryň arasyndaky iň uly ýaryşynda — Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş eder.

— Toparçamyzdaky garşydaşlar, aýdylyşy ýaly, biri-birinden güýçli toparlar. Eýranyň «Fulady», geçen ýyl öz ýurdunyň çempionatynda üçünji orny eýeläpdir. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli Dubaý» topary bolsa, çempionatyň bürünç medalynyň eýesi bolupdyr. Bu toparyň 2015-nji ýylda Aziýa Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagynyň özem, onuň näderejede kämil topardygyny kemsiz subut edýär. Şu ýyl futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Kataryň «Al-Garafa» topary, geçen möwsümi 4-nji orunda tamamlapdyr. Garşydaşlarymyz näçe güýçli bolsa-da, biz ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejede goramak üçin ähli güýç-gaýratymyzy, başarnygymyzy, tejribämizi orta goýarys — diýip, Elman Tagaýew bu barada berlen sowala jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň