Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistan ― Eýran gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

11:2312.02.2022
0
4197

Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle hem Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Eýranyň habar gullugy habar berdi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Golam-Abbas Arbab-Hales ýygnananlara ýüzlenip, şeýle medeni çäreleri geçirmek üçin şert döredenligi üçin Türkmenistanyň hökümetine hoşallyk bildirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy barada birnäçe gezek çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň ilçihanasynyň Medeniýet bölümi medeni gatnaşyklary ösdürmek, dili öwrenmek maksatly çäreleri geçirmek, däp-dessurlar bilen tanyşmak üçin mümkin bolan ähli zady etmäge çalyşýar. Medeni gatnaşyklary berkitmek üçin ilçihana dürli festiwallary we ýaryşlary hem geçirýär.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Eýranyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek baradaky çynlakaý kararyny subut edýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeni merkeziniň attaşesi Nawid Rasuli çykyş edip, ýylyň dowamynda Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürjek çäreleriň ýene-de birnäçesiniň geçiriljekdigini habar berdi.

Dabaranyň çäginde Eýranyň ylmy we tehnologiki üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň