Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» dükanynda Ýewropanyň ýokary hilli gap-gaçlary alyjylara ýetirilýär

13:5811.02.2022
0
17058

«Zemmhome» dükany Ýewropanyň ýokary hilli aşhana gap-gaçlarynyň giň görnüşini alyjylar köpçüligine hödürleýär. Bu harytlar ýokary hili bilen tapawutlanyp, olaryň dürli ölçeglileri bar.

Alyjylara öý-hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän «Zemmhome» dükanyndan ýokary berklikdäki keramiki we aýna gaplary, dürli göwrümli saçlary, küýzeleri, aşhana we hyzmat gap-gaçlaryny, çäýnekleri, başga-da, köp sanly zerur öý-hojalyk harytlaryny satyn alyp bilersiňiz.

Dükanda bulardan başga-da, «Pirge» we «Neva» haryt nyşanly dünýä brendleriniň pyçaklarynyň bardygyny bellemek gerek. Bu pyçaklar nemes önümçiligine degişli bolup, berk keramikadan we poslamaýan metaldan ýasalýar.

Bu ýerden dürli ölçegdäki we ululykdaky aşpez pyçaklaryny, et üweýji enjamy, paltajyklary we et çapylýan pyçaklary, çörek, peýnir, gök önümler we steýk üçin ýörite pyçaklary satyn alyp bilersiňiz. Ýokarda agzalanlardan başga-da, «Zemmhome» dükany elde ýasalan pyçaklary we wilkalary, şeýle-de, dürli aşhana pyçak toplumlaryny hödürleýär.

«Zemmhome» dükanynyň haryt görnüşleri bilen zemmhome.com saýtyndan ýa-da dükanyň görkezilen salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäherçesi, Ahal köçesi, jaý 27/1. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 50-10-34, 800 137 4-55-42.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň