Soňky habarlar

Arhiw

BAE dünýäde ilkinji bolup 4,5 günlük iş hepdeligine geçýär

16:4504.02.2022
0
5778

Birleşen Arap Emirlikleri 4,5 günlük dowamy bolan täze iş hepdeliginiň tertibine geçýär. Täze iş hepdeligine geçilmeginde iş wagty bilen dynç alşyň dowamlylygynyň sazlaşygy, şeýle-de dynç alşa aýratyn wagt aýyrmak bilen hünärmenleriň netijeli işlemekligini gazanmak nazarda tutulýar. Indi Emirligiň ýaşaýjylary hepdäniň dowamynda adaty tertibe laýyklykda 2 gün, şeýle-de goşmaça ýene ýarym gün dynç alarlar. Bu barada «euronews» habarlar gullugy köpçülikleýin habar berýär.

Ýurtda täze iş tertibine ilkinji bolup döwlet gullukçylary we mekdep hünärmenleri, soňra bolsa ykdysatçylar geçdiler. Soňlugy bilen bolsa iş tertibiniň bu görnüşi hususyýetçileriň işine giriziler. Aýratyn-da, täze iş hepdeliginiň kabul edilmegini BAE-de iş alyp barýan halkara guramalary makullaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň