Arhiw

Arslanmyrat Amanow milli ýygyndymyzyň Aziýanyň kubogyna çykyp biljekdigine ynanýar

22:4503.02.2022
0
4118
Arslanmyrat Amanow milli ýygyndymyzyň Aziýanyň kubogyna çykyp biljekdigine ynanýar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow «SportMedia» saýtyna beren interwýusynda milli ýygyndynyň Aziýanyň kubogy ― 2023 üçin öňünde goýan maksatlary barada aýtdy. Ol ýygyndymyzyň ýene bir gezek bu ýaryşa gatnaşyp biljekdigine ynanýar:

― 2023-nji ýyldaky Aziýanyň kubogy Hytaýda geçiriler. Ýakynda bije çekilişik bolar. Saýlama ýaryşlara 20-den gowrak ýygyndy gatnaşýar. Biz garşydaşlarymyza garaşýarys. Her toparçadan iki ýygyndy yklym ýaryşyna gatnaşmak hukugyny gazanar. Biz toparçadan üstünlikli çykmak we Hytaýa gitmek isleýäris.

Yklym ýaryşy üçin bijeleriň 24-nji fewralda çekiljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň