Soňky habarlar

Arhiw

Mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi

11:2302.02.2022
1
9971

Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde mekdep okuwçylary öz taýýarlan robotlaryny ýaryşdyrdylar. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň birinji ugry «Manual sumo» diýlip atlandyrylyp, onuň şertine görä, okuwçylaryň dolandyrýan robotlary biri-birini ýapon sumo göreşindäki ýaly, kesgitlenen meýdançanyň daşyna çykarmaly. Bu ugurda 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Polat Baýramow birinji orna mynasyp boldy.

«Manual sumo mini» diýlip atlandyrylýan ikinji ugruň şerti «Manual sumoňka» kybapdaş bolup, diňe göreş meýdanyna çykarylýan robotlaryň agramy 2 esse ýeňil bolýar. Bu ugurda hem 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Dawut Bäşimow ýeňiji boldy.

Bäsleşigiň üçünji ugry «Automatik sumo» diýlip atlandyrylyp, onda robotlar dolandyryjy enjam arkaly dolandyrylman, öňünden oturdylan programma üpjünçiligi esasynda özbaşdak hereket edýärler. Bu ugurda bolsa 87-nji orta mekdebiň 10-njy synyp okuwçysy Hojamyrat Eýeberdiýew öňe saýlandy. «Line follower» diýilýän ugruň şertine görä, okuwçylaryň taýýarlan programma üpjünçiligi oturdylan robotlary ýörite çyzylan ýoly dogry yzarlamak boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşikde hem 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Annaguly Seýitmyradow ýeňiş gazandy.

Her bir ugurda baýrakly orunlary eýelän okuwçylara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň döwlet tapgyryny maý aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Batyr205 ( 04.02.2022 )

Здравствуйте уважаемый Туркменпортал. В каких школах есть курсы робототехники?

5