Top.Mail.Ru

Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy

22:3628.01.2022
0
13599

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýurduň oba ho­ja­ly­k toplumynda ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler hem-de azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatyň barşynda wi­se-prem­ýer bug­da­ýy, go­wa­ça­ny, gök-bak­ja we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni, mi­we­li bag­la­ry, üzüm ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hem-de öri meý­dan­la­ryn­da ösüm­lik­le­riň ke­sel­le­ri­niň, zy­ýan­keş­le­riň we ha­şal ot­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni belledi.

«Ösüm­lik­le­ri go­ra­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­nyň iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di, res­mi­na­ma­da yl­my çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mek, ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şeý­le hem bu mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türkmenistanda ösüm­lik­le­ri go­ra­mak ul­ga­myn­da yl­my ös­dür­mek, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ulan­mak me­se­le­le­ri be­ýan edil­ýär.

Döwlet Baştutany ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan, bu ul­ga­ma öň­de­ba­ry­jy yl­my usul­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekin we öri meý­dan­la­ry­ny mak­sa­da­la­ýyk hem-de ne­ti­je­li ulan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp hem-de iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyn­ma­ly­dy­gy­ny, ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we to­hum­çy­ly­gy go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Türkmen Li­de­ri­ de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di we bu res­mi­na­ma­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň