“Ana” harasatyndan 70 adam heläk boldy

14:4128.01.2022
0
1117

Madagaskarda, Mozambikde we Malawide birgiden suw joşmalaryny, silleri we süýşmeleri döreden “Ana” tropiki tupanyndan heläk bolanlaryň sany 70-e ýetdi. Bu barada AFP habarlar gullugy habar berdi. Madagaskar ada döwletine 22-nji ýanwarda aralaşan “Ada” deňiz tupanynyň birgiden binalary ýumrandygy belli boldy, ýurtda 110 müň töweregi adam öýüni terk etmäge mejbur boldy, adamlar mekdeplerde ýerleşýärler.

Mozambige bu tebigy hadysa 24-nji ýanwarda ýetdi we 500 müň adamyň ýitgi çekmegine getirdi, 10 müň töweregi öý ýykyldy. Goňşy Malawide hem öýler elektriksiz galdy.

“Ana” tropiki harasaty Hindi ummanynyň günorta-günbatar böleginde döredi we özi bilen birgiden çabgalarydyr güýçli ýelleri “süýräp”, Afrikanyň kenarýakalaryny basdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň