Eýranyň futbol ýygyndysy Azmunsyz hem Dünýä çempionatyna çykmagy başardy

22:1027.01.2022
0
10876

Eýranyň milli ýygyndysy öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Aziýanyň 3-nji saýlama ýaryşynyň 7-nji tapgyrynda eýranlylar Yragyň toparyny ýeňdi (1:0).

Şeýlelik bilen, 7 tapgyrdan soň eýranlylar 19 utuk bilen öz toparçasynda öňde barýarlar. 17 utuk bilen Günorta Koreýa topary ikinji, 9 utuk bilen Birleşen Arap Emirlikleri üçünji orunda.

Eýran taryhda altynjy we yzly-yzyna üçünji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň