Soňky habarlar

Arhiw

«Comcast» kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup 10G modemini üstünlikli synagdan geçirdi

18:2025.01.2022
0
591

«Comcast» kompaniýasy onlarça million öýlere köp gigabitlik internet tizligini üpjün etjek 10G modeminiň synagyny üstümlikli geçirdi. Bu barada «www.ixbt.com» web saýty habar berýär. Barlaghana synagynda kabel esasynda işleýän «Broadcom»-yň döreden bir kristally ulgam görnüşindäki modemi «Full Duplex DOCSIS 4.0» 4Gbit/s tizlikde maglumat almagy we geçirmegi başardy.

10G «DOCSIS 4.0» dünýäniň ýüzlerçe million öýlerinde eýýäm gurlan birikmeleriň tizliginiň artdyrylmagyny üpjün eder. Tizligi ýokarlandyrmakdan başga-da, täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ygtybarlylygy ýokarlandyrar we gijikdirmeleri azaldar.

Synagda ýokarda agzalan bir kristally «DOCSIS 4.0 FDX» ulgamy bilen jübütlenen iki sany kabel modemi ulanyldy. Olar «DOCSIS 4.0» tertibinde barlaghana synagyndan geçirilende gibrid süýüm-koaks ulgamy arkaly «vCMTS» toruna üstünlikli baglanyşmagy başardy.

Görkezilen tizlikleriň (4 Gbit/s ýokary), 10G arhitekturasynyň her gatlagynda tehnologiýalar kämilleşdirileninden soň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň