Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edildi

16:0523.01.2022
0
5865

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” web saýty habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy we tehniki kärhanalaryň hünärmenleri, uniwersitetleriň hem-de ýörite orta hünär mekdepleriniň talyplary, magistratura, aspirantura we doktorantura okuwlarynyň öwrenijileri, orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle hem ylmy işler bilen gyzyklanýan islendik kärdäki türkmen raýatlary çagyrylýar.

Ylmy işler derwaýyslygynyň hem-de döwrebaplygynyň nazarda tutulmagy bilen islendik mowzukda ýazylyp bilner. Teklip edilýän mowzuklaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, molekulýar biologiýa, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýeti we beýleki mowzuklar bar. Bulardan başga-da, lukmançylyk pudagyna we ynsanperwer ylymlaryna degişli mowzuklardan ýazylan işler kabul edilýär.

Bäsleşigiň jemleri däp bolşy ýaly, 12-nji iýulda — Türkmenistanyň Ylymlar gününde jemlener.

Geçen ýyl bäsleşige 30 ýaşa çenli bolan 1000-den gowrak adamyň gatnaşandygy barada çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň