Halkaraçy talyplar 2021-nji ýyly üstünlikli jemlediler

17:4422.01.2022
0
1698

2021-nji ýyl tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň taryhynda ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy.

Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm web saýty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşikde I orna mynasyp boldy.

Institutda ýylyň dowamynda dünýä tejribesini öwrenmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly dürli görnüşli 105 sany duşuşyklar, okuw sapaklary, maslahatlar geçirildi. Olardan daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda okuw sapaklarynyň 10-syny, ilçileriň çykyşlarynyň 34-sini, duşuşyklaryň 6-syny, teleköprüleriň 55-sini bellemek bolar.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Institutyň mugallymlary 2021-nji ýylda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Russiýa Federasiýasyndaky, Belarus Respublikasyndaky we Moldowa Respublikasyndaky sebitleýin wekiliýetiniň guramagynda hünärmenleriň arasynda geçirilen «Halkara ynsanperwerlik hukugy we robotlar» atly düzme (esse) bäsleşiginde, GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginde ylmy işi bilen ýeňiji boldular.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek baradaky gol çeken Kararyna laýyklykda, Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa bölümi açyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy üstünliklerini ýörelge edinip, geljekki ykbalyny diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ugrundan hünärmen bolmaga bagyşlajak aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Ýaş diplomatlaryň mekdebi döredilip, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär.

2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, institutda tapgyrlaýyn esasda Bolon ulgamy boýunça iki basgançakly bilime geçilip başlandy. Institutda taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça 3 sany, ýagny Halkara gatnaşyklary, Halkara ykdysadyýeti, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy, magistr ugry boýunça bolsa, Sanly diplomatiýa, Halkara hususy hukugy, Halkara jemagat hukugy boýunça okadylýar.

2021-nji ýylda ýylda institutyň talyplary halkara bäsleşiklerinde çykyş edip, 3 sany altyn, 1 sany kümüş, 2 sany bürünç medala mynasyp boldular. Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşikleriniň netijeleri boýunça institutda okaýan talyplaryň 3-si 1-nji orna, 7-si 2-nji orna, 8-si 3-nji orna mynasyp bolup, ýylyň dowamynda jemi 21 diploma eýe boldular.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurduň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň netijesi boýunça 1 mugallym we 2 talyp baýrakly orunlary eýelediler, institutyň talyby Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldy. Şeýle-de institutyň mugallymy we talyby Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde ýeňiji boldular.

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň gurnamagynda XV Açyk halkara internet matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýä ýüzünden 400 talypdan ybarat bolan 100 topar gatnaşdy.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow, 3-nji ýyl talyby Jahangir Polatbaýew, 2-nji ýyl talyby Arazgül Ballyýewa, 1-nji ýyl talyby Ýupar Egirjäýewa dagylar II orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda dünýäniň onlarça döwletleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara derejeli bäsleşikleriň birnäçesiniň geçirilendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň