Top.Mail.Ru

«Asyryň partlamasy» diýlip baha berildi

18:2419.01.2022
0
890

Ýuwaş ummanda golaýda Hunga-Tonga-Hunga-Haapaý ýanardagynyň atylmagy biziň eýýamymyzyň 1100-nji ýylyndan bäri iň güýçli suwasty partlama boldy, bu barada New Scientist ylmy neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.

Makalada ýanardagyň çogmasynyň täsiriniň bütin dünýäde duýlandygy bellenýär, onuň zyýany bolsa heniz bahalandyrylanok. Ýanardag atylmasy güýji 7,4 derejedäki ýertitremäni we güýçli deňiz tupanlaryny emele getirdi, netijede kenarýaka etraplaryň ilaty öz öýlerini terk etmäge mejbur boldular.

Tebigy hadysanyň bolup geçen ýeri bolan Tonga korollygyny ýanardagyň emele getiren tozanly küli basdy, ada döwletiň üstünden beýikligi 30 kilometre ýetýän kömelek şekilli bulut asyldy, ol hatda 3 müň kilometr menzil geçip, Awstraliýa ýetdi.

Hadysanyň netijesinde emele gelen suw joşmasynyň hatda Tongadan 16 müň kilometrlikde ýerleşýän Beýik Britaniýa hem ýetendigi habar berilýär. Peru, Täze Zelandiýa, Awstraliýa, ABŞ, Ýaponiýa— ýanardag atylmasynyň täsir eden ýurtlary.

«Ýanardagyň döredip biljek şeýle partlamalary müň ýyldan bir gezek bolýar» diýip, Oklend uniwersitetiniň alymlary aýdýarlar. Olaryň nygtamagyna görä, suwasty ýanardag seýrek atylýar, eger ol oýanaýsa welin, birnäçe hepdeläp, hatda ýylboýy işjeňligini saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň