Soňky habarlar

Arhiw

“YouTube” wideo ýükläp almagyň täze usulyny barlaýar

14:1415.01.2022
0
3786


“YouTube” wideo hostingi wideolary ýükläp almakda täze funksiýalary barlagdan geçirýär. “Akylly ýüklemeler” mümkinçiligi eýýäm Android operasion ulgamyndan peýdalanýan käbir ulanyjylar üçin elýeter boldy. 3dnews.ru saýtynyň ýazmagyna görä, täze girizilen aýratynlyk ulanyja Wi-Fi ulgamy arkaly bir hepdede 20 sany wideony awtomatik usulda ýüklemäge mümkinçilik berýär. Oflaýn-kontenti “Kitaphana” bölümindäki “Ýüklemeler” içki bölüminden görmek bolýar.

Bu funksiýanyň “YouTube Music-däki” bar bolan mümkinçilikler bilen birmeňzeşligi hem-de öňünden az töleg tölenen nyrh meýilnamalaryny ulanýanlary ýa-da köplenç durnukly bolmadyk internetli ýerlerdäki ulanyjylary gyzyklandyrjakdygy bellenilýär. Ýüklenjek wideolary saýlamak üçin ýörite algoritm jogap berýär. “Akylly ýüklemeler” funksiýasynyň elýeterliligini barlamak üçin “YouTube” programmasyndaky “Sazlamalara” girip, “Täze aýratynlyklary ulanyp görüň” bölümine geçmeli ýa-da “Kitaphana” bölümine girip, “Ýüklemeler” bölümindäki “Akylly ýüklemeler” bannerine basmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň