Türkmen kärhanasy boýleriň täze görnüşini öndürip başlady

17:0413.01.2022
0
1546

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetinde ýakynda «Ýylyderýa» haryt nyşanly elektrik suw ýyladyjylaryň (boýleriň) önümçiligi ýola goýuldy ― diýip, «Rysgal» gazeti ýazýar. Şeýlelikde, bu ýerde önrüilýän plastik önümleriň görnüşi 2 müňe golaýlady.

Ilkinji önümçiligini agyz suw we lagym suw turbalaryny, olaryň birikdirijilerini öndürmekden başlan kärhana gurluşyk ulgamynda zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köpsanly görnüşini, sanfaýans önümlerini, dürli diametrdäki kabelleri we şlangalary çykarýar.

Önümçilik üçin gerekli çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört sany önümçilik kärhanalary hereket edýär. Olaryň ikisinde ätiýaçlyk şaýlary we fitingler, asma potoloklar, elektrik geçirijiler ýaly önümler öndürilýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanda «Derýakeramika» haryt nyşanly sanfaýans we keramika önümlerini öndürýän ilkinji kärhana hem açyldy. ndürilýän önümler içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň