Ýakynda öndüriljek “iPhone SE” “Apple-iň” iň arzan smartfony bolar

15:3810.01.2022
0
6499

“Apple” kompaniýasy şu ýylda iň uly smartfon tanyşdyryşyny eýýäm mart aýynda geçirer diýip ixbt.com saýty “Bloomberg-iň” redaktory Mark Gurmanyň habaryna salgylanmak bilen habar berýär. Wirtual formatda geçiriljek bu çärede metbugat ýygnagynyň esasy täzeligine öwrüljek “iPhone SE” smartfonunyň hödürlenjekdigi bellenilýär. Ozal bolsa täze “iPhone SE 2022” smartfonunyň dizaýn taýdan “iPhone 8-e” meňzediljekdigi, ýöne ondan-da has gowy aýratynlyklarynyň boljakdygy habar berildi.

Mysal üçin, bu enjam 4,7 dýuýmlyk LCD Retina HD displeýi, içerki barmak yzy datçikli Home düwmesi bilen üpjün ediler, şeýle-de ol şu hili aýratynlyklary bolan “Apple” smartfonlarynyň hatarynda iň soňkusy bolar. Şeýle hem, täze dörediljek enjamyň 5G birikmesini goldaýan iň arzan “Apple” smartfony boljakdygy dogrusynda bellenildi. Netijede, JP Morganyň analitikleriniň pikiriçe, täze “iPhone SE-niň” bahasy 399 dollar bolar we “Android” smartfonlaryny halaýan 1,5 milliard ulanyjyny özüne çeker.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň