INTERFAX.RU habarlar gullugy Russiýanyň «Perwyý kanal» teleýaýlymynyň we «Wid» telekompaniýasynyň «Pole çudes» (Täsinlikler meýdany) gepleşiginiň adyny üýtgetmezlik barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
«Taslamanyň önümçilikçisiniň çalşandygyna garamazdan, 30 ýyl bäri däp bolup gelşi ýaly, gepleşigiň alypbaryjysy Leonid Ýakubowiç öňküsi ýaly bu kapital-şowhunyň adyny ýaýlymda yglan eder» diýip, ýaýlymyň metbugat gullugy habar berdi.
Öň bu gepleşigi «Naşe Pole çudes» (Biziň täsinlikler meýdanymyz) diýen at bilen täzeden ýaýlyma goýbermek meýilleşdirilipdi.
Ýeri gelende aýtsak, «Pole çudes» Russiýada iň meşhur gepleşikleriň biri bolup, ony telewideniýe işgärleri Wlad Listýew we Anatoliý Lysenko döredipdiler.