Soňky habarlar

Arhiw

Denni Treho durmuş wakalaryna esaslanýan täze jenaýat dramasynda baş keşbi janlandyrar

23:2220.12.2021
0
4082

Ýaramaz keşpleri ussatlarça ýerine ýetirýänligi bilen giňden tanalýan amerikaly aktýor Denni Treho “Alone Today” jenaýat dramasynda baş keşpde oýnar.

Daily.afisha.ru neşiriniň Deadline-a salgylanyp habar berşi ýaly, filmde Denni Treho bilen bilelikde Şennon Elizabet we Frenk Weýli esasy keşplerde çykyş eder. Durmuşy wakalara esaslanyp, film korrumpirlenen detektiv (Weýli) bilen kemsidiji gatnaşygy bolan bir zenan (Elizelizabet) barada gürrüň berýär. Gahryman aýal zalymyň elinden gutulmagyň we onuň bikanun işlerine goşulmagyň kararyna gelýär, ýöne hemme zat gözegçilikden düşürilýär we aýal başga ýoldan gitmek kararyna gelýär. Filmiň režissýory we öňki polisiýa işgäri Wendi Wilkesiň pikiriçe, polisiýa işgäriniň has dogruçyl görnüşini görkezjek filmi döretmek isläpdir. Filmiň surata düşürilişi şu gyş Los Anjelesde başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň